Merkel we Alyýew Azerbaýjandaky adam hukuklary barada ‘açyk’ gürleşdiler
Merkel bilen Alyýewiň 25-nji awgustda, Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda bolan duşuşygy Günorta Kawkaz ýurdundaky adam hukuklary ýagdaýyny hem öz içine aldy we german kansleri bu gürrüňiň “örän açyk atmosferada’ geçirilendigini aýtdy.
Azerbaýjanyň lideriniň aýdylýan zatlary gaýta-gaýta ret etmegine garamazdan, tankytçylar Alyýewiň hökümetini soňky ýyllarda başga pikirlileri basyp ýatyrmak üçin matlaply çäreleri görmekde aýyplaýarlar.
"Biz Azerbaýjandaky içerki ýagdaý meseleleri, adam hukuklary hakynda hem maslahat etdik, özem bu örän açyk atmosferada boldy” diýip, onuň edarasynyň Alyýew bilen bolan metbugat ýygnagyndan taýýarlan maglumatyna görä, Merkel aýtdy.