ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň ABŞ-nyň Kabuldaky öňki ilçisi Zalmaý Halilzady Owganystan boýunça ýörite geňeşçisi wezipesine bellemegine garaşylýar.
Reuters we AP agentlikleriniň ABŞ-nyň anonim resmilerine salgylanyp, habar bermegine görä, Pompeonyň bu karary ABŞ-nyň Owganystandaky urşuň soňuna çykmak boýunça parahatçylyk ugrundaky gepleşikler we muňa "Talybany" çekmek meselesine çynlakaý garamagynyň alamaty bolup durýar.
ABŞ-nyň harby ýolbaşçylary geçen aýda amerikan diplomatynyň we "Talybanyň" liderleriniň gepleşikler prosesini ýaýbaňlandyrmak barada geçiren duşuşygyna garamazdan söweş meýdanlarynda we gepleşiklerde uly öňegidişligiň bolmandygyny boýun aldylar.
Prezident Tramp ABŞ-nyň goşunlarynyň Owganystanda 17 ýyl bäri dowam edýän uruşdan çekilmekden henizem daşdadygyna aladalanma bildirdi.
22-nji awgustda Waşington we Kabul Owganystanda parahatçylygy gazanmak boýunça Orsýet tarapyndan indiki aýda geçiriljek gepleşiklere gatnaşmajagyny yglan etdiler. Orsýet 4-nji sentýabrda Moskwada geçiriljek bu gepleşiklere "Talyban" hereketiniň goşuljagyny mälim etdi.
"Talyban" parahatçylykly gepleşikler dogrusynda şu ýyl Kabulyň hökümeti tarapyndan gaýtalanyp edilen tekliplerden ýüz öwürdi we diňe ABŞ bilen göni gepleşmäge isleg bildirdi, Waşington muny ret etdi.