Tramp rus dreňewi bilen ilteşikli resmä 'çakgan çäre' görjekdigini aýdýar
Tramp 17-nji awgustda twitterde Brýus Ohryň (Bruce Ohr) bu departamentde bolmagy “masgaraçylyk” diýip ýazdy.
Bu Trampyň departamentiň 2016-njy ýyldaky saýlaw kampaniýalarynda onuň Orsýet bilen gatnaşyklaryny derňemäge ilteşigi bolan hukuk goraýjy we howpsuzlyk resmilerini nyşana almagynyň soňky görezijisi bolup durýar.
Tramp 15-nji awgustda CIA-iniň (Merkezi derňew agentliginiň) ozalky direktory Jon Brennanyň howpsuzlyk rugsadyny ýatyrdy. Ol munuň “galplaşdyrylan” rus derňewi üçin görlen “nähilem bolsa bir” çäredigini aýtdy.
Brennan we Trampyň beýleki tankytçylary muny syýasy ar alyş hereketi hökmünde häsiýetlendirdiler.