Ak Tamyň, Kremliň maslahatçylary gepleşik geçirerler
Iki resminiň duşuşygy öňümizdäki hepde Ženewada geçer diýip, Reuters habarlar gullugy atlandyrylmasyzlygyny soran bir amerikan resmisine salgylanyp maglumat berdi.
Bu iýulda Helsinkide geçen Tramp-Putin sammitiniň netijeleri esasynda gurnalýan ilkinji ýokary derejeli resmi duşuşyk bolar.
Sammitden soň Tramp, beýleki meseleler bilen bir hatarda, Putin bilen ikiçäk ýagdaýda geçiren iki sagatlyk duşuşygynyň mazmunyny aýan etmändigi üçin ýiti tankytlanypdy.