Bütindünýä Banky Ukrainanyň halkara karz bazarlary arkaly maliýe serişdelerini alyp bilmegi üçin 650 million dollar möçberinde kepillendirmäni taýýarlaýar.
Emma, muny alyp bilmek üçin Kiýewiň Halkara Walýuta Fondunyň talap edýän reformalaryny durmuşa geçirmegi şert bolup durýar.
Bütindünýä Bankynyň Ukraina boýunça edarasy özüniň Facebook sahypasynda ýerleşdiren maglumatynda, Kiýewiň Halkara Walýuta Fondunyň talaplaryny berjaý edeninden soň, onuň 800 million dollar möçberinde maliýe serişdelerini alyp bilmegi üçin, ukrain resmileriniň haýyşy esasynda, Rekonstruksiýa we Ösüş Halkara bankynyň kepillendirmeleri taýýarlanýandygyny aýtdy.