ABŞ: özbek tussagy sakçyny öldürmek synanyşygynda günäli tapyldy
Fazliddin Kurbanow türme sakçysyny öldürmek synanyşygynda günäli tapyldy.
Prokurorlar onuň 2016-njy ýylda Kaliforniýanyň federal türmesinde emeli pyçak ýasap, sakçynyň damagyny çalmakçy bolandygyny aýtdylar.
“Kurbanow özüniň etmişi üçin ökünmeýändigini, şeýle-de pidanyň janyny almakçy bolandygyny aýtdy” diýip, prokurorlar Los Anjeles şäherinde geçirilen sud diňlenişiginiň dowamynda mälim etdiler.
Sakçy Kalwin Jonson hüjümde agyr ýaralansa-da, aman galmagy başardy.
Kurbanow ilki başda “Özbegistanyň Yslam Hereketi” terroristik toparyna maddy kömegini bermek synanyşygynda günäli tapylyp, türme tussaglygyna höküm edilipdi.