ABŞ-nyň prokurorlary Trampyň saýlaw kampaniýasynyň öňki başlygyna garşy sud aýyplamalaryny tekrarladylar
Manaforty gorap çykyş edýän topar bu iş boýunça şaýatlaryň diňlenmegini sorajakdygy ýa-da soramajakdygy barada 14-nji awgustda mälim etmeli bolar.
Manafort salgyt we bank galplygynyň 18 punkty boýunça sud edilýär. Ol bu aýyplamalaryň ählisi boýunça günäli tapylsa, onda sekiz ýyldan 10 ýyla çenli türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolup biler.
Prokurorlar Manafortyň 2010-2014-nji ýyllar aralygynda ukrain raýatyndan alandygy aýdylýan 60 million dollardan “prosentleriň uly mukdary” barada hasabat bermän, salgytdan gaçandygyny güman edýärler.
69 ýaşyndaky Manafort geçen ýylda özüne ýöňkelen günäleri boýun alyp, jezasyny ýeňilleşdirmek üçin prokurorlar bilen işleşýär.