BMG: Yrakda we Siriýada ‘Yslam döwletiniň’ 30 müňe golaý söweşijisi bar
13-nji awgustda ýaýradylan hasabatda bu çaklamalaryň hökümetleriň maglumatyna esaslanýandygy bellenilýär. Ýöne onda gürrüňi gidýän hökümetler aýdyňlaşdyrylmaýar.
Söweşijiler Yrak bilen Siriýanyň arasynda deň paýlandy diýlip, “Yslam döwleti” we “Al-Kaýda” garşy sanksiýalara syn edýän ekspertleriň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine beren hasabatynda aýdylýar.
Ekspertleriň sözlerine görä, “Yslam döwletiniň” esasy söweşijileriniň köpüsi Owganystana ýerleşdi. Bu ýurtda toparyň 3,500-den 4000-e çenli söweşijisi bolup, olaryň sany barha artýar.