Facebook La Liganyň futbol duşuşyklaryny Owganystanda, Pakistanda we hindi subkontinentinde mugt görkezer
Liganyň 380 sany futbol duşuşyklaryna tomaşa edip biljek beýleki ýurtlaryň arasynda Hindistan, Bangladeş, Butan, Nepal, Maldiw adalary we Şri-Lanka bar.
Bu ylalaşyk boýunça ilkinji futbol ýaryşy 17-nji awgustda efire goýberiler.
La Liganyň digital strategiýa boýunça başlygy Alfredo Bermejo soňky iki ýylyň dowamynda liganyň esasy maksadynyň “bolup bildiginden has köp tomaşaça [futbolyň] mazmunyny hödürlemäge” synanyşmakdan ybarat bolandygyny aýtdy.
Facebook we La Liga bu ylalaşygyň bahasy barada häzirlikçe hiç bir maglumat mälim etmedi.