Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Belarus žurnalistleri tussaglykdan boşadandygyny aýdýar

Belarusyň döwlet derňewçileri BelTA döwlet habar agentliginiň kompýuter sistemalaryny döwmekde güman edilip, şu hepdede tussag edilen ähli žurnalistleriň boşadylandygyny 9-njy awgustda agşam yglan etdiler, emma garaşsyz žurnalistleriň ençemesi heniz tussag astynda galýar.


Tussaglykdan boşadylanlaryň arasynda Tut.by hususy onlaýn habar portalynyň üç žurnalisti, ýagny baş redaktorlar Maryna Zolatawa we Hanna Kaltyhina, şeýle-de habarçy Hanna Ýermaçonak azatlyga çykdy. 


Zolatawanyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, oňa garşy wezipesine suwuk-sala garamak bilen bagly iş gozgalypdyr we bu bäş ýyllyk türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.


Belarusyň derňew komiteti Zoltawanyň öz işgärleriniň BelTA agentliginiň tölegli abuna ýazylmak sislemasyny döwmäge ukyply maglumatlary "uzak wagtlap ulanandygyny we özüniň mundan habarly bolandygyny" boýun alandygyny aýtdy. 


Tut.by neşriniň esaslandyryjysy Ýury Zisseryň Facebook sahypasynda ýazmagyna görä, portalyň ähli işgärleri boşadylypdyr. Emma ol bu tutha-tutlugyň diňe başlangyç bolup, derňew komitetiniň öz derňewlerini dowam etdirip, žurnalistleri "suda çekmegi" planlaşdyrýandygyny belledi.


Adam hukuklaryny goraýjylar Belarusyň häkimiýetlerini tutha-tutluklar arkaly prezident Aleksandr Lukaşenkanyň hökümetini tankyt edýän žurnalistleri sem etmäge synanyşykda aýypladylar. Belarusyň Daşary işler ministrligi muny ret etdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus