Germaniýanyň auto läheňi Daimler, prezident Donald Trampyň Eýranda iş alyp barýan islendik kompaniýanyň ABŞ-nyň bazarynda paý almajakdygyny yglan edenden soň, Eýrandaky işlerini togtatýandygyny mälim etdi.
Bu Daimler kompaniýasynyň Eýrandaky işleriniň gerimini giňeltmek planlarynyň amala aşmajakdygyny aňladýar. Ol ýerli kärhanalar bilen Mercedes-Benz ýük ulaglaryny ýygnamagy göz öňünde tutupdy.
Tramp 2015-nji ýylda baglaşylan Eýranyň Ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny yglan edenden soň, Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bu Ylalaşyga ygrarly bolup galjakdyklaryny we Tähran bilen biznes aragatnaşyklaryny kesmejekdiklerini aýdypdylar.
Mundan öň, Fransiýanyň Total nebit kärhanasy, PSA we Renault ulag firmalary hem Eýrandan çekilýändiklerini mälim edipdiler.