Kabulda üç daşary ýurtly öldürildi
Içeri işler ministrligiň beren maglumatyna görä, öldürilenler Hindistanyň, Malaýziýanyň we Makedoniýanyň raýatlary bolup, olar ýük daşaýan bir kärhana işläpdirler.
Resmiler daşary ýurtlylaryň penşenbe güni ir bilen işleýän edaralarynyň golaýyndan alnyp gaçylandygyny mälim etdiler. Günüň ahyrynda olaryň jesetleri Kabulyň beýleki bir künjeginden tapyldy.
Bu jenaýatyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
Kabulda dürli jenaýatlar toparlary hereket edip, olar baý owganlylary ýa-da daşary ýurtlylary alyp gaçyp, girewine pul talap edýärler.