Eýran täze sanksiýalaryň öňüsyrasy harby-deňiz türgenleşiklerine başlaýar
ABŞ-nyň bir resmisiniň Reuters agentligine beren maglumatyna görä, türgenleşiklere 100-den hem aşa gäminiň gatnaşýandygy çaklanylýar. Şeýle-de, bu hili türgenleşikleriň, adatça, güýz aýlarynda geçirilýändigi we munuň häzir amala aşyrylmagynyň kadadan çykmadygy bellenilip geçilýär.
Prezident Donald Tramp maýda ABŞ-ny Tähranyň ýadro ylalaşygyndan çykaranyndan soň, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar has-da dartgynlaşypdy.
ABŞ-nyň Eýrana garşy girizjek täze sanksiýalarynyň ilkinji tapgyry 7-nji awgustda güýje girmeli.