Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Eýranyň prezidenti Hassan Rohanä Birleşen Ştatlara gaýtadan “hiç haçan” haýbat atmazlygy duýduryp, bu gaýtalansa, onda onuň “mundan öň taryhda hiç haçan bolmadyk derejede ejir çekip biljekdigini duýdurdy”.
Trampyň 22-nji iýul güni giçlik “Twitter” sosial ulgamynda uly harplar bilen ýazan tweeti, Rohani Trampa Tährana garşy duşmançylykly syýasaty amala aşyrmagy bes etmegi duýdurmagyndan birnäçe sagat soňa gabat geldi
“Amerika Eýran bilen parahatçylykda bolmagyň ähli parahatçylygyň enesidigini, Eýran bilen uruşmagyň ähli uruşlaryň enesidigini” diýip, resmi IRNA habar gullugy Rohaniniň 22-nji iýulda eýranly diplomatlaryň ýygnanyşygynda aýdan sözlerini sitirledi.
Trampyň tweetinde şeýle diýilýär : “Eýranyň prezidenti Hassan Rohanä: BIRLEŞEN ŞTATLARA GAÝTADAN HIÇ HAÇAN HAÝBAT ATMA ÝA-DA SEN MUNDAN ÖŇ TARYHDA HIÇ HAÇAN BOLMADYK DEREJEDE EJIR ÇEKERSIŇ”.