Aşgabatda Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin naharlanmagy gowulandyrmak boýunça regional platformany döretmek barada mejlis açyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan 21-nji iýulda saglyk we derman senagaty işgärleriniň gününi belleýär we bu gün mynasybetli metbugatda prezident Berdimuhamedowyň gutlagy çap edildi.
Şeýle-de bu gün paýtgat Aşgabatda “Saglyk-2018” ady bilen açylan halkara sergi-maslahatyň çäginde Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin naharlanmagy gowulandyrmak boýunça regional platformany döretmek barada iki günlük mejlis açyldy. Bu mejlis gürrüňi edilýän ugurdaky mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen.
Maslahata gatnaşýanlaryň arasynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gürjüstanyň, Eýranyň, Serbiýanyň we halkara guramalarynyň – ÝUNISEF-iň, BSG-nyň, Bütindünýä azyk guramasynyň we Azyk hem oba hojalygy baradaky guramanyň wekilleri bar diýip, habarda aýdylýar.
Bu maslahat Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşyp, azyk nobatlarynyň barha ulalýan wagtynda gabat geldi. Şeýle-de türkmen raýatlarynyň soňky ýarym ýylda iş tapmak tamasy bilen barha kän daşary ýurtlara çykmaga çalyşýandygy habar berilýär.