Tramp Orsýetiň 2016-njy ýylyň prezident saýlawlaryna gatyşandygy baradaky netijäni kabul edýändigini aýtdy
Emma ol Orsýetiň bu hereketleriniň saýlawlaryň netijelerine täsir ýetirmändigini öňe sürdi.
Trampyň žurnalistlere aýdan sözleri onuň bir gün öň rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyk mahalyndaky çykyşy üçin hem ýaranlary, hem tankytçylary tarapyndan giň tankyda sezewar bolan wagtyna gabat geldi.
Tankytçylaryň köpüsi onuň Putini gujaklap, ABŞ-nyň aňtaw agentliklerini we ýaranlaryny kiçeldendigini, ABŞ-nyň yzynda durýan ýörelgelerine ikilik edendigini aýdýarlar.
Şeýle-de ol Helsinkide Orsýetiň saýlawlara gatyşandygy hakynda pikir etmäge esas görmändigi barada aýdan sözlerini yzyna aldy.