ABŞ-nyň içeri howpsuzlyk başlygy: Orsýet amerikanlaryň arasyna agzalalyk salýar
Içeri howpsuzlyk sekretary Kirstjen Nielsen 14-nji iýulda, Filadelfiada ABŞ-nyň döwlet sekretarlarynyň ýygnanyşygynda çykyp gürläp, orsýetlileriň amerikan halkynyň arasynda agzalalyk we bölünişik döretmek üçinsosial mediany,“duýgudaş gürrüňdeşleri we beýleki frontlary ulanýandyklaryny” aýtdy.
Emma muňa garamazdan, ol bu tagallalaryň “hökman aýratyn alnan syýsatçylara ýa-da syýasy kampaniýalara gönükdirilmändigini” aýtdy.
Şeýle-de Nielsen Orsýetiň bu ýyldaky aralyk möhlet saýlawlaryna 2016-njy ýylyň prezident saýlawlarynyň “derejesinde ýa möçberine” hüjüm etmändiklerini aýtdy.