Türkmen emeldarlary dynç alyşda sport maşklaryny ýerine ýetirdiler, aralarynda prezident görünmedi
Emma, öňki ýyllardan tapawutlylykda, bu gezek maşk edýän ýolbaşçylaryň arasynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi welin görünmedi.
Mundan ozal ýolbaşçylar şeýle maşklary prezidentiň öz ýolbaşçylygynda ýerine ýetirýärdiler.
Ozal habar berlişi ýaly, prezident Berdimuhamedow 5-nji iýulda geçiren hökümet maslahatynda ýolbaşçylara 9-njy iýuldan 23-nji iýula çenli tomusky dynç alşa çykmaga rugsat berdi we olaryň “Arçman”, “Ýyly suw” kurortlarynda we beýleki ýerlerde dynç alyp biljekdiklerini aýtdy.
Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow Türkmenbaşa 6-njy iýulda Tatarystana iş saparyny edip, agtygy Kerimguly bilen Kazanda dünýä futbol çepmionatynyň ýaryşlarynyň birine tomaşa edeninden soň geldi.
Soňra telewideniýe prezidentiň agtygy bilen goşgy, aýdym ýazyp, ony ýerine ýetirişini görkezdi, şeýle-de Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň dowamynyň üstünde işleýşini, “Amul-Hazar” rallisiniň geçjek ýollarynyň görmäge baryp, žurnalistlere “öz ýasaýan” ýaryş maşyny hakynda gürrüň berşini görkezdi.