Dinozawrlar çak edileninden “millionlarça ýyl ozal ýaşapdyrlar”
Ekologiýa we tebigatyň ewolýusiýasy neşirinde çap edilen maglumatda, mundan 200 million ýyl ozal ýaşap geçen dinozawrlaryň galyndylarynyň tapylandygy bellenilýär. Ingenia prima atlandyrylan bu jandarlar şol döwre degişli iň äpet Triassik dinozawryndan hem üç esse uly bolupdyrlar.
Ingenia primanyň galyndylary Argentinanyň San Juan welaýatyndan tapylypdyr.