Britan resmisi iki raýatyň 'nowiçok' bilen zäherlenendigini aýdýar
Neil Basu 4-nji iýul güni giçlik günortadaky Amesbury şäherinde žurnalistlere geçirilen barlaglaryň 44 ýaşyndaky aýal bilen 45 ýaşyndaky erkegiň “nowiçok” bilen zäherlenendigini ýüze çykarandygyny aýtdy.
Bu jübüt 30-injy iýunda Amesbury şäherindäki jaýlarynda huşsuz tapylandan soň hassahana ýerleşdirildi. Bu şäher Salisburydan, ozalky rus agenti, iki tarapa hem işlän Sergeý Skripalyň we onuň gyzy Ýulianyň mart aýynda zäherlenen şäherinden 11 km uzaklykda ýerleşýär.