Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Report: German kansleri Merkel bosgunlary yzyna dolamak üçin 14 ÝB döwletinden goldaw tapdy

Habar maglumatlarynda german kansleri Angela Merkeliň Ýewrop Bileleşigine girýän ýurtlaryň 14-sinden ÝB-den bosgunlyk aljak bolýan migrantlar boýunça täze şertnama baglaşmak üçin goldaw alandygy aýdylýar.


Bu şertnama ozal 28 agzaly bileleşigiň bir ýerinde hasaba alnan oturym soraýanlaryň ýurtlar tarapyndan yzyna alynmagyny maksat edinýär.


Bu ylalaşyklaryň üsti Merkeliň iki sany koalisiýa hyzmatdaşynyň liderlerine iberen hatynda açyldy we ol dokumenti gören habar gulluklary bu täzeligi 30-njy iýunda habar berdiler.


Emma Wengriýa, Çeh respublikasy we Polşa bu hili ylalaşygyň bolandygyny berk ret edýär.


“Germaniýa biziň golaýymyza gelmedi we häzirki pursatda men beýle ylalaşygy tassyklamaryn.... Biz bu ugurda gepleşik geçirmegi hem planlaşdyrmaýarys. Sebäbi gepleşmek üçin sebäp ýok. Biz muny aýgytly ret edýäris” diýip, çeh premýer-ministri Andrej Babisiň aýdan sözleri sitirlendi.


Merkeliň koalisiýa hyzmatdaşlaryna iberen we 30-njy iýunda metbugata syzan hatynda ilki ÝB ýurtlarynyň birinde hasaba alnyp, soň Germaniýa gelip bosgunlyk soraýanlaryň arzalaryna seredilmegi üçin beýleki ÝB ýurtlarynda ýörite merkezlerde ýerleşdirilmelidigi aýdylýar. 


German içeri işler ministri Horst Seehofer, Bawariýanyň hristian sosial bileleşiginiň lideri Merkele ýurda migrant akymyny togtatmak üçin iýula çenli möhlet berdi ýa-da onuň koalision hökümetiniň dargamagy bilen ýüzbe-ýüz bolmak ähtimallygyny duýdurdy. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus