Russiýa ABŞ-ny we onuň ýaranlaryny delilleri galplaşdyryp, Siriýa hökümetini parahat ilata garşy himiki ýaraglary ulanan ýaly edip görkezmekde aýyplady.
Russiýanyň goranmak ministrlginiň resmisi, radiasiýa, himiki we biologiki goranyş güýçleriniň kommandiri Igor Kirillow 4-nji aprelde Siriýanyň Khan Şaýkhun şäherine amala aşyrylandygy aýdylýan hüjümiň “[Siriýanyň kömek topary] Ak Kaskalar we olaryň howandarlary tarapyndan edilen prowokasiýa bolandygyny” aýdyp, çykyş etdi.
Günbatar ýurtlary we BMG-niň himiki ýaraglar boýunça inspektorlary azyndan 74 adamyň ölümine we 550-niň ýaralanmagyna getiren hüjümi Siriýa hökümet güýçleriniň amala aşyrandygyny aýdýarlar.