FIFA Dünýä çempionatynda eýranly aýallary goldamak şygaryna ygtyýar berlendigini aýdýar
Dünýä futbolynyň dolandyryjy guramasy 16-njy iýunda düzgünleriň umuman ýaryş mahalynda syýasy beýanatlary gadagan edýändigini, emma 15-nji iýunda Eýranyň Morokkodan 1-0 hasabynda üstün çykan oýny mahalynda galdyrylan şygarlaryň syýasy çagyryş däl-de, “sosial ýüzlenme” diýip hasap edilendigini aýtdy.
Gürrüňi edilýän oýun wagtynda Sankt-Peterburgdaky stadionyň iki çetinde“Aýallar üçin gadaganlyk ýok” (#NoBan4Women” we “Eýranly aýallaryň stadionalara barmagyny golda” (Support Iranian Women to Attend Stadiums) diýen şygarlar galdyryldy. Birinji gezek ol şygar ýetip gelen stadion işgärleri tarapyndan aşak ýatyryldy. Soň ol binanyň başga ýerinde galdyryldy.
Eýran häkimiýetleri ýurtda aýallaryň erkekler bilen sport çärelerini gatnaşmagyna rugsat berilmegi barada barha kän tankyda sezewar bolýarlar.