ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 14-nji iýunda Seulda Demirgazyk Koreýa ýadro ýaraglaryndan doly saplanýança Phenýana garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmajakdygyny aýtdy.
Pompeo şu hepde ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň arasynda bolan sammit barada Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-Ine maglumat bermek üçin Seulda boldy.
Pompeo günorta koreýaly we ýaponiýaly kärdeşleri Kang Kyung Wha we Taro Kono bilen metbugat ýygnagynda çykyş edip, Demirgazyk Koreýa ýadro ýaraglaryndan saplanmagyň “şertlere” we “dowamlylyga” esaslanýan “çalt” prosesiniň zerurdygyna düşünýär diýdi.
Tramp we Kim Singapurda duşuşanyndan soň bilelikdäki jarnama gol çekdi, onda Demirgazygyň “Koreýa ýarymadasyny ýadro ýaraglaryndan doly saplamak ugrunda işlemäge” ygrarlydygy gaýtadan tassyk edilýär, ABŞ-nyň Günorta Koreýa bilen geçirýän harby türgenleşikleriniň bes edilýändigi we Waşintonyň Phenýana howpsuzlyk kepilliklerini berendigi bellenilýär.
Emma muňa garamazdan, bu ylalaşyk tankyt hem edildi we onda Phenýanyň öz ýadro ýaraglaryndan haçan we nähili saplanjagy, munuň nähili barlanyp biljegi barada hiç bir detalyň aýdylmandygy bellendi.