Owganystanda onlarça adam ‘Talybanyň’ türmesinden ‘boşadyldy’
Owgan armiýasynyň metbugat wekili Abdul Kadeir Bahadorzaýyň aýtmagyna görä, 31-nji maýda irden geçirilen operasiýalaryň netijesinde Kajaki etrabynda “Talybanyň” kontrollygyndaky iki türmeden 103 adam boşadyldy.
Şeýle-de, ol bu ýerde bolan çaknyşyklarda dört söweşijiniň öldürilendigini hem sözüniň üstüne goşdy.
Bu mesele boýunça “Talyban” topary häzirlikçe haýsydyr bir kommentariý bilen çykyş etmedi.
Tussaglykdan boşadylanlaryň aglabasynyň parahat ilatdan ýaşaýjylardygy we olaryň arasynda bäş aýalyň, iki çaganyň hem-de üç polisiýa ofiseriniň bardygy aýdylýar.