BMG: Orsýet MH17-niň urlup ýykylmagy bilen baglanyşykly tankyt edildi
Bu waka gollandlaryň ýolbaşçylygyndaky jenaýat derňew topary Malaýziýanyň howaýollary kompaniýasyna degişli uçary urup ýykan BUK raketa ulgamynyň Orsýetiň 53-nji zenit raketa brigadasy tarapyndan atylandygyny aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
29-njy maýda giçlik BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Ukraina boýunça geçiren ýygnagynda golland daşary işler ministri Stef Blok Moskwany agzalýan toparyň derňew netijelerini kabul etmäge çagyrdy.
“Ultimatumly gepleşik dili – bu Orsýet bilen gepleşýän islendik adamyň ulanyp biljekdigine rugsat berilýän zat däl” diýip, Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenzýa jogap berdi.
“Biz Bilelikdäki derňew toparynyň esassyz netijelerini kabul edip bilmeris” diýip, Nebenzýa sözüniň üstüni ýetirdi.
MH17 gatnaw belgili uçar 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda Ukrainanyň Donetks regionyndaky konflikt zonada urlup ýykylypdy. Şonda uçardaky 298 ýolagçynyň we ekipaž agzalarynyň ählisi heläk bolupdy.