Putin we Makron Sankt-Peterburgda duşuşýar
Makron prezident wezipesine girişeni bäri ilkinji gezek Orsýete sapar edýär. Onuň bu sapary Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň Orsýete eden saparyndan bir hepde soňa gabat geldi.
Putin bilen Makron geçen ýyl Fransiýada duşuşypdylar. Bu duşuşyk Makronyň prezidentlige kasam etmeginden birnäçe hepde soň amala aşypdy.
Şol bir wagtyň özünde, Putin Fransiýada prezidentlige bäsleşik kampaniýasy dowam edýän mahaly, Makronyň bäsdeşi Marine Le Pen bilen Moskwada duşuşypdy.