Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Owganystanda TOPH-yň geçjek ýoluny minalardan arassalaýjylar öldürildi

Owganystanyň Kandahar regionynda minalary ýok edýän azyndan alty sany sapýor näbelli ýaraglylar tarapyndan öldürildi diýip, regional polisiýasynyň müdiri general Abdul Razige salgylanyp media serişdeleri habar berdi.


Media maglumatlaryna görä, polisiýanyň resmisi ýaragly adamlaryň ýene bir sapýory ogurlap äkidendigini habar beripdir. Bu hadysanyň Maiwand etrabynyň Malang Kariz atly ýerinde bolandygy aýdylýar.


Minalary ýok edýän topar “Aims De-mining Company” (AMDC) atly guramanyň işgärleri bolup, olar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň guruljak ýerini arassalamak boýunça işleri amala aşyrýardy diýlip, Kandahar welaýatynyň polisiýasynyň müdiri general Abdul Razige salgylanyp, Tolonews neşri habar berdi.




Maglumata görä, polisiýa resmisi hüjümi “Talyban” toparynyň amala aşyrandygyny aýdýar, emma“Talyban” öz gatnaşygyny entek tassyklamady.


TOPH gazgeçirijisiniň 744 kilometri Owganystanyň üstünden geçmeli. Onuň gurluşygynyň geçmeli regionlarynyň arasynda Hyrat, Farah, Nimroz, Helmand we Kandagar welaýatlary görkezilýär.


Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganiniň administrasiýasynyň maglumatyna görä, umumy bahasy 22.5 milliard dollarlyk gaz turbasynyň gurluşygyny 2019-njy ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar diýip, Tolonews neşriniň bellemegine görä, owgan hökümeti gazgeçiriji arkaly ýylda 400 million amerikan dollary möçberinde girdeji görmegi planlaşdyrýar.




Umumy uzynlygy 1814 kilometrlik TOPH gaz turbasynyň, Türkmenistanyň Galkynyş gaz ýatagyndan Hindistanyň Penjap ştatyndaky Fazilka şäherine çenli çeklip, ýylda 33 milliard türkmen gazyny akdyrmagy göz öňünde tutulýar.


Türkmenistan 2015-nji ýylda düýbi tutulan we umumy bahasy 10 milliard amerikan dollary möçberinde kesgitlenen TOPH proýektini esasan öz hasabyna (85%) maliýeleşdirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus