Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Zanganeh: Eýran öňümizdäki gyş Türkmenistandan tebigy gaz import etmez

Eýranyň nebit ministri Bijan Namdar Zanganeh Eýran öňümizdäki gyş goňşy Türkmenistandan tebigy gaz import etmez diýdi.


“Mehr” habar agentliginiň maglumatyna görä, ol bu barada geçen hepde Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen geçiren duşuşygynyň çäklerinde belläp geçdi.


“Eýran şu ýylyň 22-nji dekabryndan 2019-njy ýylyň 21-nji marty aralygynda, ýagny üç aýyň dowamynda goňşy Türkmenistandan tebigy gazy import etmäge zerurlyk duýmaz. Iki ýurduň arasyndaky gaz meselesi boýunça Eýranyň Türkmenistana karzy baradaky maliýe meseleleri çözmek dogrusynda hem gepleşikler alnyp barylýar” diýip, neşir Eýranyň nebit ministriniň sözlerini sitirleýär.


Ýatlap geçsek, 2016-njy ýylyň aýagynda Aşgabadyň we Tähranyň arasynda gazyň tölegleri boýunça dörän dawa bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistan Eýrana tebigy gaz akdyrmagyny “birden” bes edipdi. Şonda Aşgabat Tähranyň türkmen gazy üçin 1,8 milliard amerikan dollary möçberinde bergisiniň bardygyny aýdypdy.


Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bolsa akdyrylýan tebigy gazy keseni üçin, Türkmenistan Tährana jerime tölemeli bolar diýip, Aşgabady halkara arbitraž suduna berjekdigini ençeme gezek tekrarlapdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus