ÝB bilen günbatar balkan ýurtlarynyň liderleriniň arasynda sammit geçirilýär
17-nji maýda Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada geçirilýän sammit Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen günbatar balkan ýurtlarynyň arasynda soňky 15 ýylyň dowamynda geçirilýän şuňa meňzeş ilkinji duşuşykdyr.
Bu duşuşyk Serbiýanyň, Bosniýanyň, Çernogoriýanyň, Kosowanyň, Makedoniýanyň we Albaniýanyň Ýewropa Bileleşigine effektiw agzalygy baradaky meselä däl-de, olaryň bileleşige has berk integrasiýasy dogrusyndaky tagallalara gönükdirilendir.