Eýranda YD-nyň hüjümleri bilen ilteşikli sekiz adam ölüme höküm edildi
2017-nji ýylyň iýunynda amala aşyrylan hüjümlerde 18 adam heläk bolupdy. Bu hüjümler bilen ilteşikli ýene-de 18 adam suduň hökümine garaşýar.
Eýran hüjümlerde öldürilen bäş jeňçiniň we janyndan geçenleriň Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň hatarynda söweşendiklerini hem mälim etdi.