Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ Döwlet departamenti: Türkmenistan söz, pikir azatlygyna hormat goýmaýar

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň adam hukuklary boýunça täze ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyň awtoritar döwlet bolmagynda galýandygy bellenýär.


2016-njy ýylda kabul edilen Konstitusiýa Türkmenistany dünýewi demokratiýa hökmünde häsiýetlendirýän hem bolsa, ýurt Gurbanguly Berdimuhamedowyň we onuň ýakyn töwereginiň gözegçiligindäki awtoritar hökümet tarapyndan dolandyrylýar diýlip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan 2017-nji ýylda 200 çemesi dünýä ýurdunyň adam hukuklary boýunça amala aşyran hereketleri barada çap edilen hasabatyň Türkmenistana degişli böleginde aýdylýar.




Türkmenistanda adam hukuklarynyň depelenmegine degişli esasy meseleleriň arasynda gynamalar, eden-etdilikli tutha-tutluklar, zor bilen saklamak, ýowuz türme şertleri, syýasy tussaglar, raýatlaryň şahsy durmuşyna goşulmak, oýüne we şahsy maglumatlaryna eden-etdilikli el urmak; söz, metbugat, ýygnanyşmak, bileleşmek, dini we hereket azatlygynyň, internet elýeterliliginiň çäklendirilmegi, raýatlaryň öz hökümetini erkin we adalatly saýlamak mümkinçiligine eýe bolmazlygy ýaly problemalar hasabatda agzalýar.




ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň adam hukuklary boýunça hasabatynyň, raýatlaryň azatlykdan zor bilen mahrum edilmegi, şol sanda olaryň janyna hatar döredilmegi we syýasy matlaply öldürilmegi ýaly meseleler boýunça bölüminde Türkmenistanda soňky ýylyň dowamynda adamlaryň syýasy matlaply ýitirim edilmegine degişli wakanyň hasaba alynmandygy aýdylýar, şol bir wagtda-da, “Olary diri görkeziň!” atly hökümete degişli bolmadyk halkara kampaniýasynyň ýöredýän sanawynda ozalky ýyllarda zor bilen ýitirm edilenleriň sanynyň 112 adama ýetendigi bellenýär.


Şeýle-de, hasabatda Türkmenistanyň ba kanunynda raýatlarynyň söz, pikir azatlyklaryna kepil geçilýändigine garamazdan, türkmen hökümetiniň bu hukuklara hormat goýmaýandygy aýdylýar.


Dünýä ýurtlarynyň azatyk derejesine baha berýän “Freedom House” guramasynyň soňky hasabatynda Türkmenistanda metbugat azatlygynyň derejesi “erkin däl” kategoriýada ýerleşdirilendir. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus