Gazak aktiwisti şertli görnüşde tussaglykdan boşadylýar
Aýanowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 13-nji aprelde ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Aktoe şäheriniň sudy Aýanyň şertli görnüşde tussaglykdan boşadylmagy barada karar çykardy. Bu kararyň 29-njy aprelden güýje girjekdigini, Tengizbaý Aýanow belledi.
Aýan we aktiwist Maks Bokaýew, 2016-njy ýylyň aprelinde ýurtda ýeriň hususylaşdyrylmagy we onuň daşary ýurtlylara kärendesine berilmegi baradaky karara garşy protest geçirmek üçin müňlerçe adam üýşen mahaly, Atyrau şäherinde tussag edilipdi.
Protestleriň yz ýany, prezident Nursultan Nazarbaýew bu kararyň durmuşa geçirilmegini soňa goýup, kanuny gözden geçirmek barada ýörite komissiýa döretdi. 2016-njy ýylyň awgustynda Nazarbaýew ýeri hususylaşdyrmak baradaky moratoriýni 2021-nji ýylyň dekbarynda çenli soňa goýdy.