Owganystanda 50-den gowrak okuwçy gyz keselhana ýerleşdirildi
Helmand welaýatynyň bilim bölüminiň başlygy Dawud Şah Safariniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 2-nji aprelde jemi 52 sany gyz Laşkar Gah şäherindäki keselhana ýerleşdirildi.
Doktor Nisar Ahmad Barak okuwçy gyzlaryň kelleagyrydan şikaýat edip, gaýtaryp başlandan soňra keselhana getirilendigini, ýöne häzir olaryň saglyk ýagdaýynyň kadalydygyny aýtdy.
Polisiýa derňew işlerini geçirmek üçin wakanyň bolan ýerine ofiserleriň we ekspertleriň ugradylandygyny mälim etdi.
Helmand welaýatynyň aglaba bölegi “Talybanyň” kontrollygynda bolup, bu topar gyzlaryň okamagyna indi ençeme ýyl bäri garşylyk görkezip gelýär.