Seul, Phenýan 27-nji aprelde sammit geçirmek barada ylalaşdy
Bu sammit 1950-53-nji ýyllardaky Koreýa urşundan bäri geçirilen şeýle duşuşyklaryň diňe üçünjisidir.
Demirgazyk Koreýanyň we Günorta Koreýanyň liderleriniň aprel aýynda duşuşjakdygy baradaky maglumat, iki ýurduň ýokary derejeli resmileriniň arasynda 28-nji martda Panmunjom serhet obasynda bolan gepleşiklerden soň mälim edildi.
29-njy martda “Ýonhap” habar agentligi iki tarapyň protokol, howpsuzlyk we media meselelerini maslahat etmek üçin 4-nji aprelde ýene bir taýýarlyk ýygnagyny geçirjekdigini aýtdy.
Bu gepleşikler, Kimiň we Hytaýyň prezidenti Si Szinpingiň şu hepde Pekinde geçiren garaşylmadyk duşuşygynyň yz ýanyna gabat geldi.