Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Kreml ÝB-niň öz ilçisini Orsýetden çykarmak kararyna gynanç bildirdi

Kreml Ýewropa Bileleşiginiň oňki orsýetli gizlin agentiň Britaniýada zäherlenmegine Moskwanyň jogapkär bolmagy “örän ähtimal” diýip karara gelmeginiň netijesinde öz ilçilerini Orsýetden çykarmak baradaky kararynagynanç bildirdi.


Prezident Wladimir Putiniň metbugat-wekiliniň bu çykyşy 23-nji martda, Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň Sergeý Skripalyň we onuň gyzynyň zäherlenmegine Orsýetiň jogapkärçiliginden başga “hakykata has gabat geläýjek alternatiw düşündirişiň ýokdugy barada eden çykyşynyň yzýany edildi.




Brusselde geçirilen sammitde Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bileleşigiň Orsýetdäki ilçisi Markus Edereri yzyna çagyrjagyny aýtdylar. Onuň Brussele dynç günlerinde barmagy ähtimal. Bu barada ÝB-niň beýanatynda habar berilýär.


“Biz bu ýagdaýda şeýle kararyň ýene-de ‘örän ähtimal’ diýlip kabul edilmegine we aýyplamalaryň muňa esaslanmagyna gynanýarys” diýip, Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow žurnalistlere aýtdy.


“Biz munuň bilen ylalaşmaýarys we Orsýetiň Skripalyň ýagdaýyna hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny ýene gaýtalaýarys” diýip, Peskow aýtdy. Ol Kremliň “öz ilçisini konsultasiýa üçin çagyrmagyna” aýratyn gynanç bildirýändigini belledi.


Peskow Orsýetiň “Britaniýa tarapynyň Skripalyň ýagdaýyny öz kärdeşleri bilen maslahat edende haýsy bir doly maglumaty ulanandygyny” bilmeýändigini aýtdy.


“Şeýle-de, biz ÝB döwletleriniň liderleriniň özleriniň Britaniýa goldawy barada gepleşenlerinde näme barada ylalaşandygyny bilmeýäris” diýip, Peskow aýtdy.


Orsýete “gynansak-da, Skripalyň işi diýlip atlandyrylýan ýagdaý boýunça hiç bir göni maglumat almak elýeterli däl” diýip, Peskow belledi.




66 ýaşly Sergeý Skripal we onuň 33 ýaşly gyzy Ýuliýa agyr halda keselhanada galýarlar. Olar 4-nji martda Salisbury şäherinde huşsyz ýagdaýda tapylypdy.


22-nji martda Britaniýanyň sudýasy olaryň beýnisine ýeten zyýandan ejir çekýändigini we sagalmak mümkinçiliginiň örän ujypsyzdygyny aýtdy.


Britaniýa Orsýeti Ikinji Jahan urşy döwründe öndürlen nerwe täsir ediji “Nowiçok” atly serişdeler toparynyň düzümine girýän howply himiki jisimi ulanmak bilen zäherlemekde aýyplady.


16-njy martda Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary Boris Jonson “nerwe täsir ýetiriji agentiň Ikinji Jahan urşundan bäri ilkinji gezek Beýik Britaniýanyň köçelerinde, Ýewropanyň köçelerinde ulanylmagyna” Putiniň karar eden bolmagynyň “iňňän ähtimaldygyny” belledi.




ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we NATO Sergeý Skripaly we onuň gyzyny zäherlemegiň arkasynda Orsýetiň durandygyny aýdan Britaniýa goldaw bildirdiler.


23-nji martda Britaniýanyň diplomatik ulaglarynyň kerweniniň ýurduň Moskwadaky ilçihanasyny terk edendigini Reuter agentliginiň maglumatlarynda görkezildi. 17-nji martda Orsýet 23 sany britan diplomatyny ýurtdan çykarýandygyny mälim etdi.


Britaniýa Orsýetiň diplomatlaryny ýurtdan çykarmak karary bilen bir wagtda, Moskwanyň we Londonyň arasyndaky ýokary derejeli kontaktlary ýatyrdy we Orsýetde iýun we iýul aýlarynda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatyna britan ministrleriniň we patyşanyň maşgalasynyň gatnaşmajagyny aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus