Sarkozi Kaddafiden millionlarça ýewrony kabul edendigi baradaky aýyplamalary ret edýär
“Men hiç hili fiziki delil bolmazdan aýyplanýaryn” diýip, Sarkoziniň derňew kazylaryna beren beýanatynda aýdandygyny “Le Figaro” neşiri özüniň 22-nji martda çap eden maglumatynda mälim edýär.
Beýanata görä, Sarkozi özüniň 2011-nji ýyldan bäri “töhmet jähenneminde ýaşaýandygyny” aýdyp, aýyplamalary ýalan diýip ýazgardy.
Sarkoziniň daş-töweregindäki adamlar bu maglumatyň dogrudygy ýa däldigi dogrusynda häzirlikçe kommentariý bilen çykyş etmedi.
Fransiýanyň korrupsiýa garşy polisiýasy tarapyndan iki gün soraga çekilenden soň, 21-nji martda 63 ýaşyndaky Sarkozä 2007-nji ýyldaky şowly kampaniýasyny bikanun maliýeleşdirmek, passiw korrupsiýa we Liwiýadan pul almak boýunça deslapky aýyplamalar bildirildi.
Fransuz derňewçileri Sarkoziniň 2007-nji ýyldaky prezident saýlawlary kampaniýasy üçin Kaddafiniň hökümetiniň 50 million ýewrony, ýagny 62 million amerikan dollaryny gizlin berendigi baradaky aýyplamalary derňeýärler.