ABŞ-nyň prezidenti Eýranyň halkyny Nowruz bilen gutlap, hökümetini tankyt etdi
“Men dünýäniň dürli ýerlerinde bahar baýramyny toýlaýan millionlarça adama owadan we mübärek Nowruz arzuw edýärin” diýip, Tramp 19-njy martda iberen gutlag beýanatynda aýtdy.
Tramp öz gutlagynda Eýranyň halkynyň “halka hyzmat etmegiň deregine özlerine hyzmat edýän hökümdarlaryň” ýüküni çekýändigine ynanýandygyny belledi.
Tramp aýratyn-da Rewolýusion gwardiýasyny “daşary ýurtlarda terrorizmi maliýeleşdirmek üçin Eýran halkyna zulum-sütem edýän olaryň baýlygyny talaýan duşman goşun” diýip atlandyrdy. Şeýle-de, ol Rewolýusion gwardiýasynyň Siriýanyň hökümetini we Siriýanyň, Yragyň hem Ýemeniň şaýy ýarym harby toparlaryny goldamak üçin 16 milliard dollardan agdyk çykdajy edendigini aýtdy.
Şeýle-de, ABŞ-nyň prezidenti Tährany Eýranyň halkyny tozdurmakda, daşky gurşawy dargatmakda we raýat hukuklaryny basyp ýatyrmakda aýyplady. Trampyň geçen ýylda Nowruz mynasybetli iberen gutlag beýanatynda syýasat agzalmandy.