Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Serhet gullugynyň ýolbaşçysy Gündogdyýewe general derejesi gaýdyp berildi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysy Begenç Gündogdyýewiň harby derejesini dikeltdi. Polkownik Gündogdyýewe general-maýor derejesindäki harby adyň berilmegi hakyndaky permana 1-nji martda döwlet baştutany tarapyndan gol çekildi diýlip, resmi metbugatda habar berildi.


Ýatladyp geçsek, Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysy general Begenç Gündogdyýewiň harby ady 2017-nji ýylyň 15-nji awgustynda polkownik derejesine çenli peseldilipdi. Şonda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow "wezipe borçlaryny kada laýyk berjaý etmändigi we öz goly astyndaky gulluga gözegçiligi gowşadandygy üçin" Gündogdyýewe berk käýinç hem beripdi. 




Şonda prezidentiň bu permanyndan habarly çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu karar “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri bolmakda güman edilýän dört adamyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ele salynmagy bilen bagly bolupdyr. Ygtybarly çeşmeleriň bellemegine görä, Gündogdyýew hut 2017-nji ýylyň iýul aýynda ýüze çykan şol waka bilen baglylykda harby derejesinden mahrum edilipdir. Üstesine, prezident Berdimuhamedowyň öz harby ukybyny görkezip, geçiren türgenleşikleriniň hem söweşiji bolmakda güman edilýänleriň döwlet serhedini bozmagy bilen bagly wakanyň yzýanyna gabat geçirilendigini çeşmämiz belledi.


“Iýul aýynyň ortalarynda Ahal we Mary welaýatlarynyň territoriýasynda YD toparynyň söweşijilerini tussag etmek boýunça ýörite operasiýa geçirildi. Serhet goşunlaryna ýolbaşçylyk edýän Gündogdyýewiň harby derejesini hut şonuň üçin peseltdiler. MHM-niň işgärleriniň maňa aýtmaklaryna görä, Türkmenistanyň territoriýasyna Kaka etrabyndan YD bilen bagly 4-5 adam geçipdir. Üçüsini sakladylar, emma birnäçe adam geçipdir we ilatyň arasynda ýitip gidipdir, olaryň yzy ýitirilipdir. Olaryň ählisi Türkmenistanyň raýatlary, olar Eýran tarapyndan geçipdir. Prezidentiň gatnaşmagyndaky duýdansyz harby türgenleşikler hem şol waka bilen bagly bolupdyr. Mundan iki hepde geçensoň, onuň serhet goşunlaryny öwmegine garamazdan, ol general Gündogdyýewi polkownik derejesine çenli peseltdi” diýip, bu ýagdaýdan ygtybarly çeşme Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.




2017-nji ýylyň iýul aýynyň aýagynda Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Eýran we Owganystan bilen serhetlerinde, hususan-da Owganystanyň demirgazygyndaky Hyrat welaýatyndan söweşiji bolmakda güman edilýän adamlaryň Türkmenistanyň territoriýasyna geçendigini, Goranmak ministrligindäki çeşmesine salgylanyp habar beripdi.


Söweşiji bolmakda güman edilýänleri saklamak boýunça operasiýa özüniň hem gatnaşandygyny aýdýan ofiseriň sözlerine görä, harby aňtaw gulluklarynda soňky aýlarda türkmen topragyna söweşiji bolmakda güman edilýän onlarça adamyň geçendigi barada maglumatlar bar.


Oktýabr aýynda prezident Berdimuhamedow ýurduň döwlet garaşsyzlygyň 26-njy ýyl dönüminde harby we kanun goraýjy edaralarynyň ençeme ýolbaşçysyny, şol sanda ýaňy-ýakynda berk käýinç alan resmilerini öz kakasy “Mälikguly Berdimuhamedow” medaly bilen sylaglady. Medal alan ýolbaşçylaryň arasynda Begenç Gündogdyýew hem bardy. 


Bellemeli ýeri, Türkmenistanyň serhet goşunlaryna 2016-njy ýylyň mart aýynda ýolbaşçy bellenen Begenç Gündogdyýewiň harby derejesinden peseldilmegi birinji gezek däl. Gündogdyýewiň 2011-nji ýylda goranmak ministri bolan döwründe “wezipe borçlaryny kanagatlanarly berjaý etmändigi sebäpli” harby derejesi peseldilipdi. Şol döwürde prezidentiň gaharlanmagyna Abadan şäherinde ok-däri saklanýan skladda dörän partlama sebäp bolupdy. Resmi maglumata görä, 2011-nji ýylyň 7-nji iýulynda Abadanda bolan partlama zerarly 15 adam wepat bolupdyr.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus