Türkmenistan ýene korrupsiýa batan ýurtlaryň arasynda galdy
Bu görkeziji guramanyň öz usuly esasynda, ýurduň içinde we daşynda ýaşýan ekspertleriň we telekeçileriň ýurtdaky korrupsiýa ýagdaýlaryna beren bahalary esasynda düzülýär. Onda ýurtlara 0-dan 100-e çenli ball, dereje berilýär, 0 – döwlet pudagyndaky korrupsiýanyň iň ýokary derejesini, 100 bolsa iň az derejesini aňladýar.
2017-nji ýylda 180 ýurtdaky ýagdaý analizlenip, Türkmenistan 180-den 167-nji orny alyp, iň bir korrupsiýa çümen ýurtlar – Demirgazyk Koreýa, Owganystan, Siriýa, Yrak we Wenezuela bilen bir hatarda goýlupdyr.
Ýogsa Türkmenistan 2017-nji ýylyň maýynda korrupsiýa garşy barlyşyksyz göreş yglan edip, onlarça resmini jeneýat jogapkärçiligine hem çekdi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gowy dereje Gazagystana (122-nji orun) berlipdir. Soň Gyrgyzystan (135), Özbegistan (157) we Täjigistan (161) gelýär.
Bellemeli ýeri, Özbegistan 2016-njy ýyllyň Korrupsiýa indeksinde Türkmenistandan yzdady.