TOP we TOPH proýektleri boýunça goşmaça dokumentlere gol çekildi
Türkmenistanyň, Owganystanyň hem-de Pakistanyň hökümetleriniň arasynda TOP elektrik geçirijisi barada hökümetara ylalaşygyna hem-de TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça kabul ediji döwletiň hökümeti bilen ylalaşygyň baş şertlerine gol çekildi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berdi.
Neşiriň maglumatyna görä, Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga bermek, TOP ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar geçirildi we olara degişli döwletleriň döwlet baştutanlary we ýokary derejeli resmileri gatnaşdy.