Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanyň prezidenti bahar aýlarynda Özbegistana sapar eder

Türkmenistanyň prezidenti bahar aýlarynda Özbegistana sapar eder. Media serişdeleriniň maglumatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana garaşylýan sapary barada Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçisi Şiri Şiriýew habar beripdir we iki ýurduň liderleriniň duşuşygyna aktiw taýýarlyklaryň görülýändigini mälim edipdir.


Gepleşikleriň dowamynda ençeme meseläniň gozgaljakdygy mälim edildi.


“Şu ýyl biz hormatly prezidentimiziň Özbegistana saparyna garaşýarys. Saparyň dowamynda ençeme meselä garalar. Gün tertibi belli däl, emma biz taýýarlanýarys. Saparyň takyk gününi men aýdyp biljek däl, emma biz diplomatik kanallar arkaly işleýäris. Munuň bahar aýlarynda bolmagy has ähtimal” diýlip, media serişdelerinde türkmen diplomaty sitirlenýär.


Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew soňky gezek geçen ýylyň sentýabr aýynda duşuşdylar.


Türkmenistanyň prezidentiniň Özbegistana saparynyň planlaşdyrylýandygy barada şu ýylyň ýanwar aýynda prezident Şawkat Mirziýoýewiň iki goňşy ýurduň diplomatik gatnaşyklarynyň 25-nji ýyl dönümine gabatlap, türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowa ýollan gutlag hatynda mälim edilipdi, emma saparyň anyk wagty agzalmandy.


Mirziýoýew 2016-njy ýylyň dekabrynda prezident saýlanmagynyň yzýany ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana edipdi we 2017-nji ýylyň dowamynda iki gezek goňşy ýurda baryp, prezident Berdimuhamedow bilen duşuşypdy.


Türkmenistanyň prezidenti Özbegistana 2016-njy ýylyň mart aýynda we 2008-nji ýylyň iýun aýynda sapar edipdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus