ABŞ-nyň Çernogoriýadaky ilçihanasyna partlaýjy serişdesini oklan hüjümçi öldi
Birleşen Ştatlaryň resmisi Podgorisadaky ilçihanasynda hiç kimiň ýaralanmandygyny aýtdy. Hüjüm 22-nji fewralda gije 12:30-da bolupdyr.
“Näbelli adam partlaýjy serişdeli öz janyna kast etdi” diýlip, hökümetiň Twitter arkaly çap eden beýanatynda aýdylýar. Maglumatda, hüjümçiniň ilçihana oklan guraly elde ýasalan granata bolmagy “örän ähtimal” diýilýär we polisiýanyň hadysany derňäp, hüjümçiniň şahsyýetini we onuň hereketiniň sebäbini anyklamaga synanyşýandygy bellenýär.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Stewe Goldstein şaýatlaryň hüjümçiniň ilçihananyň diwaryndan bir zat oklanyny görendigini aýtdy. Goldstein Döwlet departamentine hüjümçiniň hereketleriniň sebäbiniň nämälim bolandygyny belledi.
Hüjümçiniň jesedi barlanýar diýip, Çernogoriýanyň döwlet prokurory Tanja Golan Deretiç aýtdy.