Добавить новость

Следователи СК провели обыски после случаев отравлений в Москве

Осудивший СВО певец Валерий Меладзе тайно вернулся в Москву ради корпоратива

Следователи провели обыски на складах компаний после отравления москвичей едой из службы доставки

В центре Москвы под открытым небом открылась выставка работ кировских фотографов



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Özbek prezidenti Milli howpsuzlyk gullugyny göz öňünde tutup, 'guduz köpekleriň' wagty doldy diýdi

Özbek prezidenti Milli howpsuzlyk gullugyny göz öňünde tutup, 'guduz köpekleriň' wagty doldy diýdi

Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugy onýyllyklaryň dowamynda bimöçber güýje eýe bolup gelýärdi, ýöne “indi ol döwür gutardy” diýip, ýurduň täze baştutany çykyş etdi.

Prezidentlik wezipesiniň ikinji ýylynda özünden öňki eli güýçli prezidentiň esasy daýanjy bolan Howpsuzlyk gullugy barada çykyş edende Mirziýoýew gullugy aýamady; ony zalymlykda we bigünä adamlara azar bermekde aýyplady, hem-de howpsuzlyk işgärleriniň “hetden aşandyklaryny” aýtdy.

16-njy fewralda Buhara welaýatynda ýerli aktiwistler bilen geçiren duşuşygynda Mirziýoýew Howpsuzlyk gullugyna gönükdirýän soňky tankydy belliklerini dowam etdi. Öňki prezident Yslam Karimow agzalýan edarany halka hem-de syýasata berk gözegçilik etmekde ulanardy. Ol Howpsuzlyk gullugynyň Buharada “ýerli biznesmenleri türmä basyp, olara nähili adalatsyz çemeleşendigi” barada özüne subutnamanyň gelip gowşandygyny aýtdy.

“Mende olaryň gynalyşyny görkezýän hatda suratlaram bar” diýip, Mirziýoýew aýtdy. “Mende bu jenaýatlara we zuluma baş goşan derňewçileriň atlary bar” diýip, ol sözüni dowam etdi.

Prezident öz sözlerini aýdyňlaşdyrmady, ýöne “wagty gelende siziň özüňiz olara telewizor arkaly tomaşa edersiňiz” diýip, ol jenaýata baş goşan zulumkeşleri adalatyň huzuryna çykartmagy wada berdi. “Gerek bolsa, olar türmede 20 ýyl oturarlar” diýip, ol aýtdy.

Howpsuzlyk gullugynyň işgärlerini “guduz köpekler” atlandyran Mirziýoýew olary “biznesini üstünlikli ösdürmegi başaran islendik adama ýowuz daramakda” aýyplady.

Mirziýoýew Howpsuzlyk gullugynyň işgärlerini hetden aşmakda günäkärledi we “başga hiç bir döwlet bu formaly ynsapsyzlara bizdäki ýaly güýç bermedi” diýip, sözüni dowam etdi.

“Hatda 1937-nji ýylda-da bu dereje däldi” diýip, Mirziýoýew Stalin döwründäki “Beýik terror” atlandyrylan köpçülikleýin repressiýalara we zulumlara salgylanyp deňeşdirdi.

Reformalary tizleşdirmek

2016-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda ölüm habary gelen we 27 ýyllap Özbegistany demir ýumrukda dolandyran Karimow dürli pikirliligi basyp ýatyrmakda esasan Howpsuzlyk gullugyna bil baglardy.

2016-njy ýylyň dekabr aýynda prezidentlik wezipesine saýlanmazyndan ozal Karimowyň ornuny wagtlaýyn ýerine ýetiriji prezident hökmünde eýelän ozalky premýer-ministr Mirziýoýew Howpsuzlyk gullugyny reformirlemegi we onuň hökmürowanlygyndaky göze görünmeýän güýji çäklendirmegi wada berdi.

Ol 31-nji ýanwarda agentlige 23 ýyllap ýolbaşçylyk eden Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Rustam Inoýatowy işden boşatdy.

“Çal kardinal” diýlip tanalýan Inoýatow Karimowyň ýakyn ýarany bolup, uzak ýyllaryň dowamynda berk gözgeçilikde saklanan Özbegistanyň iň täsirli resmilerinden biridi. Onuň ornuna 2015-nji ýylyň aprel aýynda ýurduň baş prokurory wezipesine bellenen Ihtiýor Abdullaýew geçirildi.

Inoýatowyň wezipeden boşadylmagyndan sanlyja gün ozal, Mirziýoýew Howpsuzlyk gullugyny tankyt edipdi. Ýurduň iň gorkulýan bu agentligi hatda ýokary wezipeli hökümet resmilerini hem gözegçilikde saklaýardy.

19-njy ýanwarda Inoýatowyň dogduk diýary bolan Surhondarýo welaýatynda çykyş eden Mirziýoýew “Mysal üçin, welaýat häkimi Howpsuzlyk gullugynyň göwnünden turmaýan bir zat aýtjak bolsa, dessine onuň üstüne günä ýöňkelerdi ýa-da wezipesinden boşadylardy” diýdi.

Mirziýoýew hiç bir Howpsuzlyk resmisine ynanmaýandygyny we “zerur bolsa olaryň pagonlaryny sypyryp aýyrjakdygyny” aýtdy.

Güýçli agentlik

Sowet döwründäki KGB-niň mirasdüşeri bolan Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugy, aglaba bölegi musulmanlardan düzülen 32 millionlyk özbek ilatynyň arasynda dini ekstremizme garşy göreşmek bahanasy bilen hukuk kemsitmelere ýüz urup “göz görkezdi”.

Müňlerçe adam ekstremizm bilen ilteşikli aýyplamalar esasynda türmelere basyldy we 17 müňden gowrak adama potensial ekstremist gözi bilen seredilip, olar “gara sanawa” goşuldy.

1-nji sentýabrda Mirziýoýew 16 müň adamyň adynyň “gara” sanawdan aýrylandygyny aýtdy we olaryň köpüsiniň iş bilen üpjün edilendigini mälim etdi.

Köpsanly agentleriniň kömegi bilen Howpsuzlyk gullugynyň hökümet resmilerini yzarlandyklaryna giňden ynanylýardy.

Mirziýoýew Howpsuzlyk gullugyna öz agentlerini ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryndan çekmegi tabşyrdy we güýç edaralaryna suduň karary bolmazdan adamlaryň telefonlaryny diňlemegi ýa-da gözlegi amala aşyrmagy gadagan etdi.

Mirziýoýew “häkimleri ýa-da beýleki hökümet resmilerini yzarlaýan howpsuzlyk gullugy Özbegistana gerek däl” diýdi.

Buharadaky aktiwistleriň öňünde eden çykyşynda irki belliklerini gaýtalap Mirziýoýew, Buharada, Surhondarýoda we ýurduň beýleki künjeklerinde howpsuzlyk gulluklarynyň kontrolsyz güýjüniň gutarandygyny aýtdy. “Biz Buharada arassaçylyga başlarys. Biz adalaty bina ederis” diýip, Mirziýoýew belledi.

Muňa garamazdan, Mirziýoýewiň Howpsuzlyk gullugyny reformirlemek boýunça göz öňünde tutýan meýilnamalarynyň anyk nämelerden ybaratdygy nämälimliginde galýar.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Жители Зарайска приняли участие в областном конкурсе на лучший подъезд

Синоптики уже пообещали россиянам тяжелое завершение лета: что нас ждет?

Почти два десятка объединений предпринимателей вошли в НМСП

«С чего вы решили, что свадьба уже»: бабушка 18-летней девушки Лепса об их союзе

Музыкальные новости

Театр и Цирк, Культура и Концерт, Россия и Дети: Учащиеся Гурульбинской школы восхитились мастерством жонглирования, игрой с хула-хупами, иллюзионистами цирка Бурятии

Российские флаги снова вывесили на матче Евро-2024 между Англией и Сербией

Театр и Цирк, Культура и Концерт, Россия и Дети: «Волшебный платок бабушки Дари» - это захватывающее путешествие в мир бурятской сказки, которое не оставит равнодушным ни одного зрителя

Аксенов жестко выказался

Новости России

Жители Зарайска приняли участие в областном конкурсе на лучший подъезд

Режиссер Большого театра Валерий Федоренко умер в возрасте 61 года

Жители региона стали победителями конкурса «Росмолодёжь.Гранты»

Замминистра обороны Иванов владел автомобилями с номерами за шесть миллионов рублей

Экология в России и мире

Россиянам предложили премиальные туры сразу в 2 страны: рейсы начнутся из 8 российских городов

Сказка театра Ульгэр в Бурятии «Волшебный платок бабушки Дари» - это захватывающее путешествие в мир волшебства - Театр и Цирк, Культура и Концерт, Россия и Дети:

Кинопродюсер.

Завершилась первая цикловая встреча региональных руководителей компании AlfaBiom

Спорт в России и мире

Саснович победила на старте квалификации турнира WTA-500 в Берлине

Теннисисты Рублев, Хачанов и Самсонова не сыграют на Олимпиаде-2024

Россиянка Людмила Самсонова выиграла турнир WTA в Хертогенбосе

Самсонова поддержала Андрееску после победы над ней в финале турнира в Хертогенбосхе

Moscow.media

Bluetooth-сканер штрих-кодов SAOTRON P04 на базе CMOS-матрицы

Прогулка по Москве 1962 года

Портативный сканер штрих-кодов Heroje C1271 промышленного класса

Башенный комплекс "Ний" (Ингушетия)











Топ новостей на этот час

Rss.plus






«С чего вы решили, что свадьба уже»: бабушка 18-летней девушки Лепса об их союзе

Синоптики уже пообещали россиянам тяжелое завершение лета: что нас ждет?

ЯРКОЕ ЛЕТО С LG CHANNELS: ШИРОКИЙ ВЫБОР КОНТЕНТА ОТ МАСШТАБНЫХ СПОРТИВНЫХ СОБЫТИЙ ДО ХУДОЖЕСТВЕННЫХ ФИЛЬМОВ И ОБРАЗОВАТЕЛЬНЫХ СЕРИАЛОВ

Педагоги получили менее 500 рублей за проведение ЕГЭ в регионах