Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Waşingtonyň köçesine orsýetli oppozisiýa lideri Boris Nemtsowyň ady dakyldy

Waşingtonyň şäher geňeşi Orsýetiň ilçihanasynyň ýerleşýän köçesine janyna kast edilen orsýetli oppozisiýa lideri Boris Nemtsowyň hormatyna onuň adyny dakdy. ABŞ-nyň bu hereketi Orsýetde nägilelik döretdi.


Boris Nemtsowyň Azatlyk ugrundaky fondunyň ýolbaşçysy Wladimir Kara-Murzanyň 6-njy fewralda aýtmagyna görä, Waşingtonyň Wiskonsin köçesine Boris Nemtsowyň adynyň dakylmagy boýunça resmi dabaranyň geçiriljek güni 27-nji fewrala, ýagny syýasatçynyň wepat bolan senesiniň üçünji ýyl dönümine bellenipdir.


Orsýet hökümetiniň baştutanynyň öňki orunbasary we prezident Putiniň açyk tankytçysy Boris Nemtsow 2015-nji ýylda Kremliň golaýyndaky köprüde atylyp öldürilipdi.


Onuň janyna kast edilmegi halkara derejesinde berk ýazgarylypdy we Kremle garşy çykyş edýän adamlaryň uly howpa duçar bolmagynyň subutnamasy hökmünde kabul edilipdi.


Nemtsowyň tarapdarlary onuň wepat bolan ýerinde ýadygärlik tagtajygyny ýerleşdirmek barada Moskwanyň häkimiýetlerinden yzygiderli rugsat sorap gelýärler.


Iýul aýynda Moskwanyň sudy Nemtsowyň ölümine sebäpkär bolmakda bäş adamyň günälidigini yglan etdi. Demirgazyk Kawkaz regionynyň Çeçenistan Respublikasyndan bäş adam syýasatçyny öldürmekde aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. Emma Nemtsowyň ýakynlary kast edişlige ýokary derejeden tabşyryk berlendigini aýdýarlar.


Orsýetiň Daşary işler ministrligi Waşingtonyň häkimiýetleriniň Nemtsowyň adyny köçä dakmak boýunça hereketini tankyt etdi we ABŞ-nyň kanun çykaryjylaryny janyna kast edilen syýasatçynyň adyny “manipulýasiýa” üçin ulanmakda aýyplady.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus