Bişkegiň sudy öňki baş prokuror Aida Salyanowanyň jezasyny güýjünde galdyrdy
Salyanowa suduň 7-nji fewralda çykaran kararyndan şikaýat etjekdigini žurnalistlere aýtdy.
Oktýabr aýynda Bişkegiň Lenin etrap sudy Salyanowanyň öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda günälidigi aýtdy we ony bäş ýyl türme tussaglygyna hökümet etdi, emma kararyň durmuşa geçirilmegini onuň iki ýaşly gyzy 14 ýaşyna ýetýänçä yza tesdirdi.
“Ata-Meken” oppozision partiýasynyň baş agzasy Aida Salyanowa özüne garşy gozgalan işi ret edip, ony syýasy matlaply atlandyrýar.
Häkimiýetler Salyanowa garşy derňewleri mart aýynda, “Ata-Meken” partiýasynyň prezidentlige dalaşgär hökmünde öňe süren öz lideri Ömürbek Tekebaýewiň tussag edilmeginiň yzýany başlapdy.