Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 2018-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda dalaşgär hökmünde resmi hasaba alyndy.
Merkezi saýlaw komissiýasy Putini dalaşgärler sanawyna 6-njy fewralda, ýagny onuň prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak we wezipä dördünji gezek dalaş etmek islegini mälim etmeginden iki aý geçensoň goşdy.
Dalaşgärleriň sanawynda jemi üç dalaşgär bar. Putinden başga saýlawlara Orsýetiň liberal demokratik partiýasynyň lideri Wladimir Žirinowskiý we Kommunistik partiýasynyň öňe süren kandidaty Pawel Grudinin gatnaşar.
Prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmaga isleg bildirenleriň arasynda liberal syýasatçy Grigoriý Ýawlinskiý, biznes ombudsmeni Boris Titow we žurnalist Kseniýa Sobçak bar.
Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň dalaş etmegine, oňa garşy gozgalan jenaýat işleri sebäpli gadagançylyk girizildi.