Ekspertler Phenýanyň Orsýete, Hytaýa we beýleki ýerlere kömür iberendigini aýdýarlar
2-nji fewralda ABŞ mediasyna mälim bolan hasabatda panel ekspertleriniň aýtmaklaryna görä, Phenýan kömür, demir, polat we dünýä guramasy tarapyndan gadagan edilen beýleki materiallary eksport etmek bilen, BMG-niň sanksiýalaryny bozdy.
Hasabatda kömür ýükleriniň, köp sanly gaçalak-sapalak pirimlerini, ýollary we aldaw taktikalaryny ulanmak arkaly, Orsýete, Hytaýa, Malaýziýa, Günorta Koreýa hem-de Wýetnama iberilendigi aýdylýar.
Ýükler esasan kagyz galplyklaryny ulanmak, ýagny ýüküň ugradylýan ýerini Demirgazyk Koreýa däl-de, Orsýet, Hytaý diýip görkezmek bilen daşary ýurtlara iberilipdir.
BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 2016-njy we 2017-nji ýyllarda, Phenýany ýadro we ballistik raketa programmalaryna sarp edýän girdejilerinden kesmek üçin, Demirgazyk Koreýa garşy ençeme sanksiýa girizdi.