90 çemesi migrant, köpüsi pakistanly, gark boldy
"Gämileri şu gün irden Liwiýa kenarynda agdarylandan soň, azyndan 90 adamyň gark bolandygy habar berildi” diýip, HMG-nyň 2-nji fewraldaky beýanatynda aýdylýar.
Berilýän maglumata görä, 10 adamyň – sekiz pakistanlynyň, iki liwiýalynyň jesedi tapyldy. Aman galanlaryň ikisi kenara ýüzüp geldi, beýlekiler bolsa balykçy gämileri tarapyndan halas edildi diýip, HMG habar berdi.
Aman galanlaryň tassyklamagyna görä, gäminiň üstündäkileriň aglabasy pakistanly eken.
Agentlik merkezi Ortaýer ugry diýilýän arkaly, Liwiýadan Italiýa aşmaga synanyşmagyň örän howpludygyny gaýta-gaýta duýduryp gelýär.