Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

TOPH: Türkmenistan bilen ‘Çalyk Holding’ özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler

31-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.


Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň maglumatyna görä, bu gezekki duşuşyk prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Energetika ministrligi tarapyndan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolta deň bolan elektrik geçirijiler ulgamyny çekmekde özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak maksady bilen geçirilýär.


Aýdylmagyna görä, bu taslama gaz geçirijiniň ugrundaky ähli düzümleýin desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berer.


TDH şol güni “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Balkan welaýatynda duşuşandygyny we öz ýolbaşçylyk edýän holdingiň TOPH gazgeçirijisiniň ugrunda elektrik geçiriji ulgamyny çekmek taslamasynyň gurluşygyna gyzyklanma bildirendigini habar beripdi.


Türkmenistan 2015-nji ýylda düýbi tutulan uzynlygy 1814 kilometrlik TOPH gazgeçiriji proýekti arkaly Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrmagy planlaşdyrýar.


Ýöne halkara ekspertleri Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary we Aşgabadyň häzirki maliýe kynçylyklary wagtynda 10 milliard dollar töwereginde bahalanýan proýekte serişde tapmak kynçylygy sebäpli TOPH-yň amala aşmak planlaryna şübhe bildirýärler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus